Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä sammite hem-de Halkara kongrese gatnaşdylar
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 20-23-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherindäki «Silk Road Samarkand» Kongres merkezinde geçirilen «Çagalaryň abadançylygyna maýa goýumlary: geljek nesiller üçin durnukly we adalatly ösüşe tarap ýol» atly Bütindünýä sammitine hem-de Çagalaryň onkologiýasy we gematologiýasy boýunça II Halkara kongresine gatnaşdylar.
Kongresde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň bilermenleriniň çagalarda duş gelýän onkologiki keselleri bejermek, takyk onkologiýany, gen terapiýasyny hem-de öýjük transplantasiýasyny ornaşdyrmak baradaky ylmy çykyşlary diňlenildi we ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşyldy.
Saparyň ikinji güni uniwersitetimiziň wekiliýeti Samarkant döwlet lukmançylyk uniwersitetinde boldy. Uniwersitetiň rektory we ýolbaşçy düzüm bilen geçirilen duşuşykda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda lukmançylyk bilimi we ylmy ulgamynda tejribe alyşmak, mugallymlaryň we talyplaryň akademiki alyş-çalşygyny ýola goýmak hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek barada özara bähbitli ylalaşyga gelindi. Wekiliýetimiz uniwersitetiň kafedralary, döwrebap barlaghanalary hem-de taryhy muzeýi bilen içgin tanyş boldylar.