7

Türkmen talyplary Indoneziýada geçirilen halkara bäsleşikde kümüş medala mynasyp boldular

Kardiologiya merkezi

2026-njy ýylyň 17-19-njy apreli aralygynda Indoneziýanyň Bali welaýatynyň Denpasar şäherinde geçirilen Global Student Innovation Challenge (GSIC) halkara bäsleşiginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň topary uly üstünlik gazandy.

Uniwersitetiň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymynyň ýolbaşçylygynda 4-nji ýyl talyplaryndan ybarat bolan bu topar bäsleşige “Aral deňziniň ekologiki meseleleriniň çözgüdi baradaky teklipler” atly ylmy işi bilen gatnaşdylar.

Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen zehinli talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşikde türkmen wekilleriniň hödürlän ylmy taslamasy täzeçilligi we amaly ähmiýeti bilen halkara bilermenleriň hem-de emin agzalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň topary baýrakly 2-nji orny eýeläp, kümüş medal we halkara sertifikatlar bilen sylaglandy.

Bu gazanylan ýeňiş talyplaryň halkara derejesindäki ylmy-barlag ukyplaryny we ýurdumyzyň lukmançylyk biliminiň abraýyny ýene-bir gezek tassyklady.