7

“Waspyň sena boldy dillere, bedew” atly daşary ýurt dillerinde onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Waspyň sena boldy dillere, bedew” atly daşary ýurt dillerinde onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary hem işjeň gatnaşdy.