139

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Häzirki zaman oftalmologiýanyň wajyp meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde «Häzirki zaman oftalmologiýanyň wajyp meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady häzirki zaman oftalmologiýa ylmynyň ösüş ugurlaryny, täze ylmy gazanylanlary we öňdebaryjy tejribeleri ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Bu ylmy forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlary, lukmanlary, hünärmenleri we ýaş alymlary birleşdirdi.

Maslahatyň çäklerinde birnäçe ugurlar boýunça bölüm mejlisleri geçirildi. Hususan-da: I Bölüm: Göz kesellerini anyklamakda we bejermekde täze tehnologiýalar; II Bölüm: Innowasion tehnologiýalaryň oftalmologiýa ylmynyň ösüşindäki orny; III Bölüm: Ýaş oftalmologlaryň ylmy ösüşe goşýan goşandy.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýanyň Glaukomatologlar Alýansynyň agzalarynyň mejlisi geçirildi.