visibility 7

“Bil agyrysy: Aýurweda we ýoga arkaly oňurgany bejermek” atly umumy beýan sapagy

Kardiologiya merkezi

2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda güni mynasybetli Hindistanly aýurweda mugallymy, aýurweda ylymlarynyň doktory Ramrao Patiliň bermeginde “Bil agyrysy: Aýurweda we ýoga arkaly oňurgany bejermek” atly umumy beýan sapagy geçirildi. Umumy beýan sapagyna uniwersitetimiziň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň hem-de lukmançylyk-durmuş işi hünäriniň talyplary gatnaşdy.