📅 05-04-2025
9
«Parahat, asuda Watanym, sagdyn durmuş bilen beýik geljege ýetenim!» atly dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylynyň aprel aýynyň 4-ne Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Parahatçylyk Gaznasynyň Müdiriýetiniň bilelikde gurnamagynda «Parahat, asuda Watanym, sagdyn durmuş bilen beýik geljege ýetenim!» atly dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi.