43

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasy

merkezi

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boýunça

DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky 1565 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

1. Umumy düzgünler

Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny (mundan beýläk – Internet-olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Internet-olimpiadanyň esasy maksady talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek;

- tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de

nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek;

- ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz

intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek.

2.Internet-olimpiadanyň wezipeleri:

- häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak

arkaly amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek;

- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw

mekdepleriniň we öňdebaryjy ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny

işjeňleşdirmek;

- zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual

ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek.

2. Internet-olimpiadasynyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

2.1. Internet-olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy

ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk

toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary

institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

2.2. Guramaçylyk topary:

- Internet-olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de

ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;

- Internet-olimpiadasyny geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek

boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalaryny taýýarlaýar;

- Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen dersler

boýunça olimpiada ýumuşlaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar;

- Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň ýüztutmalaryna seredýär we

arz-şikaýat we şahsy ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar.

3. Talyplaryň Internet-olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi

3.1. Internet-olimpiada umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler

toplumlarynyň “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça

ýumuş işlemek görnüşinde (Online tertibinde) geçirilýär.

3.2. Internet-olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň pudak

tabynlygyna we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli ýokary okuw

mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary

boýunça okaýan talyplary gatnaşyp bilerler.

3.3. Internet-olimpiadasynyň iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir.

3.4. Internet-olimpiada öz ýokary okuw mekdeplerinde iň gowy netijeleri

görkezen talyplar gatnaşyp biler. Talyplaryň sany çäklendirilmeýär.

3.5. Internet olimpiada 2026-njy ýylyň maý aýynyň 26-syna, Aşgabat wagty

bilen sagat 10 00 -da başlanýar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda ZOOM

programmasy boýunça online konferensiýa goşulyp, 10 sany ýumşy 180 minudyň

dowamynda ýerine ýetirmeli.

Olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň, ýumuşlaryň ýerine ýetirilen

listlerini skaner edip, 40 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com

e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we

her liste ýumşyň nomerini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly.

Çyzgylary elde ýa-da kompýuterde TDS-nyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda

bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar çylşyrymlylyk derejesine görä

bahalandyrylýar. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary optimal (gysga

we çalt) usulda çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär. Iň ýokary mümkinçilik –

100 ball.

3.6. Internet-olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik tertibinde geçirilýär.

3.7. Internet-olimpiadasynyň Eminler toparyna Türkmenistanyň we daşary

ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girýär hem-de olimpiadanyň

ýeňijilige dalaşgärlerini anyklaýar. Eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň

Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory tarapyndan

tassyklanýar.

3.8. Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň topar ýolbaşçysynyň üsti bilen

arz-şikaýat etmäge hukugy bardyr.

3.9. Arz-şikaýat ýüz tutmalar Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky

netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi üýtgewsizdir.

4. Internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

4.1. “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Internet-

olimpiadasyna gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça

Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.

4.2. Internet-olimpiadasynyň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär

we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

4.3. Internet-olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen

sylaglanýar.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty