Türkmen oba hojalyk instituty 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde we 9-njy maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar
«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 10:00-da başlanýar. Türkmen oba hojalyk instituty barada maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web-saýtyndan tanşyp bilersiňiz. Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin — Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92, 800322-9-40-68. Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin — Türkmenabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji A jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56, 800422-9-87-71, 800422-9-88-12. Mary welaýatynyň ýaşlary üçin — Baýramaly şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-38-19, 800564-6-07-84.
Türkmen oba hojalyk instituty