25

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty “Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirýär

merkezi

Hormatly kärdeşler!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda tejribeli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, ylmy we ylmy-barlag guramalarynyň işgärlerini, inženerleri hem-de ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň hünärmenlerini sanly ulgam arkaly geçiriljek “Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.

Ylmy-amaly maslahatyň iş dilleri: türkmen, rus we iňlis.

Maslahatyň maksady – ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek hem-de tejribe alyşmak bolup durýar.

Maslahatda çykyş etmek üçin hödürlenýän mowzuklar aşakdaky ugurlary öz içine alýar:

Maslahata gatnaşmak isleýän alymlardan, inžener-hünärmenlerden we ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň wekillerinden öz çykyşlaryny we degişli resminamalary bildirilýän talaplara laýyklykda tabşyrmak haýyş edilýär.

“Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň

Ş E R T L E R I

Türkmenistanda sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin (daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin), aşakdaky salgy arkaly hasaba alyş formasyny ýükläp alyp, doldurmagyňyz haýyş edilýär:

🔗 Hasaba alyş formasy

Doldurylan hasaba alyş formasyny elektron görnüşde aşakdaky elektron poçta salgylaryna ugratmaly:

Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän

T A L A P L A R

Habarlaşmak üçin: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Tel.: (+99365) 02-97-86; (+99365) 50-67-58; (+99312) 28-18-03; 

 (+99312) 28-18-04; 

Faks: (+99312) 28-18-01; 

Elektron poçta: ylym.tdbgii@gmail.com. 

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänlere, öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli ibermeklerini haýyş edýäris.

Guramaçylyk topary