Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Biologiýa dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasyny yglan edýär
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasyny geçirýändigini yglan edýär.
Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň we hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp biler.
Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary https://tdlu.edu.tm/olimp/public/code/index.php salgysynda ýerleşdirilen soragnamany dogry dolduryp, bellige durmaly. Bellige alnan talyplaryň elektron salgylaryna olimpiadanyň geçirilýän gününden bir gün öň olaryň login we parollary ugradylar. Olimpiadanyň işi barada maglumatlar Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň resmi www.tdlu.edu.tm internet sahypasynda ýerleşdiriler. Olimpiada gatnaşyjylara gözegçilik “Zoom” platformasynyň üsti bilen amala aşyrylar.
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde geçiriler.
Olimpiadanyň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär.
Olimpiadanyň ýeňijileri 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanýarlar.