42

Maliye hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy

merkezi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary hünär bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, talyplaryň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda nazary bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boyunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

I. Umumy düzgünler

1. Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliye hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

2. Açyk halkara internet olimpiadasynyň geçirilmegi «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersine degişli meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

3. Açyk halkara internet olimpiadasynyň maksady şu aşakdakylardan ybarat:

a) «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boyunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň nazary bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek;

b) «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boyunça talyplaryň pikirlenmelerini we dünýägaraýyşlaryny ösdürmek;

c) ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda özara pikir alyşmalary guramak;

d) amatly dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak.

4. Açyk halkara internet olimpiadasynyň wezipesi şu aşakdakylardan ybarat:

a) sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersine degişli meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;

b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual taýdan ösüşi bilen bagly oňyn şertleri döretmek;

c) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiyalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň arasynda özara gatnaşyklary alyp barmak.

II. Açyk halkara internet olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

5. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boyunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.

6. Guramaçylyk topary:

a) ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary> dersi boyunça Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de olimpiadany guramak we geçirmek boyunça guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;

b) Açyk halkara internet olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boyunça teklipleri, usulyýet we gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;

c) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen Açyk halkara internet olimpiadanyň meselelerini işläp taýýarlamak boyunça zerur işleri alyp barýar.

III. Açyk halkara internet olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi

7. Açyk halkara internet olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň bilim maksatnamalary boyunça dürli taýýarlyk ugurlarda/hünärlerde okaýan talyplary gatnaşyp bilerler;

8. Açyk halkara internet olimpiada her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.

9. Açyk halkara internet olimpiadanyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleridir.

10. Yokary okuw mekdepleri Açyk halkara internet olimpiada gatnaşýan talyplar baradaky maglumatlary Türkmen döwlet maliye institutynyň tdmai.tbm@gmail.com elektron poçtasyna 2026-njy ýylyň 21-nji noýabryna çenli ibermelidirler.

11. Açyk halkara internet olimpiada 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi internet sahypasynda «Moodle» platformasy arkaly geçiriler. Başlanýan wagty sagat 12:00 (Aşgabat wagty).

12. «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boyunça geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadada 10 (on) sany ýumuş hödürlener we olary çözmek üçin 120 (bir ýüz ýigrimi) minut wagt berler.

13. Açyk halkara internet olimpiada gatnaşýan her bir talyp berilýän ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmelidir. Açyk halkara internet olimpiadanyň geçýän wagtynda talyplara biri-biri bilen gepleşmäge, dürli neşir önümlerinden peýdalanmaga rugsat berilmeyär. Şu düzgünleri berjaý etmeýän talyplar olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.

14. Açyk halkara internet olimpiadanyň Eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim edaralarynyň wekilleri girer. Eminler toparynyň düzümi we

başlygy Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.

15. Eminler topary olimpiada gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

16. Arz-şikayatlara Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni Eminler toparynyň başlygy kesgitleyär. Çykarylan gutarnykly netije üýtgedilmeyär.

V. Açyk halkara internet olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

17. Açyk halkara internet olimpiadanyň netijesi şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.

18. Açyk halkara internet olimpiadanyň netijeleri beyanlar arkaly resmileşdirilýär we Eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

19. Yeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 50%-den geçmeli däldir. Diplomlar 1:2:3 gatnaşykda kesgitlenilýär.

20. Açyk halkara internet olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli Diplomlar bilen sylaglanylýar.

21. Açyk halkara internet olimpiadada 6 (alty) sany meseläni doly çözen, ýöne baýrakly orna mynasyp bolup bilmedik talyplar höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylýar.