«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly II halkara internet olimpiadasy barada bildiriş
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 28-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni” atly II halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly II halkara internet olimpiadasynyň geçirilmeginiň esasy maksady ýaş nesliň ykdysady düşünjelerini has-da giňeltmekden, olara dünýäde parahatçylygy we birek-birege bolan ynanyşmagy berkitmegiň zerurlygyny wagyz etmekden şeýle hem parahatçylygyň we birek-birege bolan ynanyşmagyň ykdysady ösüşdäki möhüm ornuny görkezmekden, netijede ýaşlaryň döredijilikli, ykdysady taýdan pikirlenmek ukyplaryny has-da ösdürmekden ybaratdyr.
Olimpiadanyň resmi iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir.
Internet olimpiadasynyň ýumuşlary Makroykdysadyýet, Dünýä ykdysadyýeti, Aýlawly ykdysadyýet we Halkara ykdysady gatnaşyklar derslerine degişli test soraglaryndan ybarat bolar.
Bäsleşigiň ýeňijileri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
Olimpiada sanly ulgam arkaly Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň www.ihba.edu.tm salgysynda ýerleşýän onlaýn platformasynda geçiriler. Olimpiada gatnaşmak üçin dalaşgärleri hasaba almak hem şu platformanyň üsti bilen 2026-njy ýylyň 24-nji noýabryna çenli amala aşyrylýar.
Habarlaşmak üçin:
Tel: +99364 14 08 87; +99361 81 05 70
e-mail: ihba.olimpiad@gmail.com, haa.akademiya@gmail.com