visibility 7

BILDIRIŞ

merkezi

Biologiýa boýunça 3-nji Halkara internet olimpiadasyna

HOŞ GELDIŇIZ!

 

Olimpiadanyň maksady:

a)  Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli           ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmek;

b) ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak;

ç)  häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek.

Olimpiadanyň wezipesi:

a)  häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;

b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;

ç)  sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.

 

Olimpiadasynyň geçirilişi barada

GÖZÜKDIRIJI

Ýokarda görkezilen düzgünler bozan gatnaşyjynyň internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylmagy eminler toparynyň garamagyna goýulýar.

 

Habarlaşmak üçin:

        Telefon: +993-12-48-99-32; +993-63-58-51-11.

Elektron poçta: tdlu.iolimp@gmail.com

Guramaçylyk topary