visibility 6

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti “Lukmançylyk ylmynyň we biliminiň innowasion ösüşleri” atly Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar

merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2025-nji ýylyň 16-17-nji aprelinde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Lukmançylyk ylmynyň we biliminiň innowasion ösüşleri” atly Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar

 

Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. 

Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary:

I bölüm. Ýokanç däl keselleri anyklamakda we bejermekde täze tehnologiýalar.

II bölüm. Innowasion tehnologiýalar – lukmançylyk ylmynyň ösüşiniň kepilidir. 

III bölüm. Täze derman we tebigy serişdeleri öndürmegiň ylmy esaslary. 

IV bölüm. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze tehnologiýalaryň orny.

Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler. 

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2025-nji ýylyň 1-nji apreline çenli kabul edilýär. 

Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar. 

Halkara ylmy maslahatyň Guramaçylyk topary

 

“Lukmançylyk ylymynyň we biliminiň innowasion ösüşleri” atly halkara ylmy maslahata gatnaşmagyň şertleri

Türkmenistanly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary hasaba alnyş görnüşi

Familiýasy

 

Ady

 

Atasynyň ady

 

Wezipesi

 

Alymlyk derejesi, ady

 

Bilimi (ýokary okuw mekdebini görkezmek bilen, gutaran ýyly)

 

Işleýän ýeriniň doly ady

 

Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli)

 

Öý salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli)

 

Iş telefony

 

Telefony 

 

Faks 

 

Elektron salgysy

 

Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl)

 

Nutuk haýsy dilde taýýarlandy

 

Nutugyň tematiki ugry

 

Tehniki serişdeleriň zerurlygy (haýsy)

 

 

Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýanlaryny we annotasiýalary guramaçylyk komitetine ibermegiňizi haýyş edýäris (gysgaça beýanynyň möçberi A4 formatda 1-1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly). 

Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – "kitap" görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.

Gysgaça beýanlarda we annotasiýalarda formulalaryň we tablisalar görnüşinde beýan etmelere ýol berilmeýär.

Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmsi bilen).

Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:

gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;

awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14 lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;

eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;

nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli.

Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli.

Gysgaça beýanda: Wajyplyk. Işiň maksady. Materiallar we usullar. Barlagyň netijeleri. Netije bolmaly.

Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.

Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.

Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.

Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy maslahata goýberilmän bilner.

Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.

Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – «Ataýew N. tez». Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli.

Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg».

Faýllary arhiwirlemeli däl!

Habarlaşmak üçin:

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

telefon: (+99312) 48-83-31; 48-83-41, faks: 48-99-64

elektron poçta: ylym.tdlu@sanly.tm

Halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2025-nji ýylyň 1-nji apreline çenli ibermegiňizi haýyş edýäris.

Maslahat baradaky ähli maglumatlar https://www.tdlu.edu.tm/ saýtynda ýerleşdirlen.

 

ULGAMLAÝYN SKLERODERMIÝALY NÄSAGLARDA OSTEOPOROZYŇ HOWP FAKTORLARYNY ÖWRENMEK                                   

 S.Ö. Öwezowa, N.A.Seýitgulyýew 

                                                        (Türkmenistan)

Wajyplygy. Tekst, tekst, tekst.

Işiň maksady. Tekst, tekst, tekst.

Materiallar we usullar. Tekst, tekst, tekst, tekst.

Barlagyň netijeleri. Tekst, tekst, tekst.

Netije. Tekst, tekst, tekst.