Talyplar sport kluby




Talyplar sport klubynyň başlygy Akmyrat Şalarow

Tel: (+99312) 48-99-41; e-mail: tdlutm@online.tm 

Salgysy: Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18, Talyplar sport kluby





1997-nji ýylda döredilen talyplar sport klubunyň esasy maksady bedenterbiýe-köpçülikleýin we sport işlerini ösdürmek, talyplaryň gurşawyna sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak bolup durýar. Bu ýerde okuw ýylynyň dowamynda sportuň 8 görnüşi boýunça sport seksiýalary hereket edýär, şanly seneler mynasybetli ýaryşlar, uniwersitetiň talyplarynyň arasynda we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda sport-köpçülikleýin we bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri geçirilýär.


Uniwersitetiň Talyplar sport klubunda 2 sany basketbol zaly we 2 woleýbol zaly, futbol meýdançasy, göreş üçin zal, suwda ýüzmek üçin howdan, trenažýor zallar, şeýle hem basketbol, woleýbol, gandbol, tennis we ýeňil atletika üçin açyk sport meýdançalary bar.

 




 

























Ýylyň başynda lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Spartakiada ýokary okuw mekdebiniň I ýyl talyplarynyň arasynda her ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda geçirilýär, ýazyna bolsa öz sport ussatlygyny lukmançylyk uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan gyz talyplary görkezýärler. Okuw ýylynyň dowamynda sportuň 21 görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Uniwersiada geçirilýär.



Talyplaryň professor-mugallymlar bilen bilelikde Saglyk ýoluna yzygiderli ýörişleri ýurdumyzyň lukmançylyk uniwersitetiniň asylly däbine öwrüldi.

 




 

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar