Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders, ylmy - döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler. Talyplarymyz diňe 2020-nji ýylyň dowamynda Halkara internet olimpiadalarynda ýokary netijeler gazanyp, altyn, kümüş we bürünç  medallaryň 27-sine mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dersler boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginde bolsa 14 sany baýrakly orunlary eýelediler. Onuň özi soňky 5 ýylda gazanylan iň ýokary netijedir.


Talyplardan düzülen topar Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherinde ylmy işler boýunça geçirilen halkara internet bäsleşigine gatnaşyp, I orna mynasyp boldular.


Ýaş alymlarymyz we talyplar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edýän ylmy bäsleşigine işjeň gatnaşýarlar we ýylyň-ýylyna baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. 2020-nji ýylda yglan edilen bäsleşikde Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory Bolmämmedow Yklym 1-nji ýere, Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby, Esenowa Gülöwser 2-nji ýere mynasyp boldular.


Ylymlar güni mynasybetli ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşiginde uniwersitetimiziň aspiranty Goşaýew Garabeg baýrakly 2-nji orna mynasyp boldy.


Uniwersitetiň Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Annaberdiýewa Arzuw 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen “Talyp gözeli-2020” gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyp, iň ýokary derejeli baýraga mynasyp boldy.


Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda maý aýynda geçirilen “Berkarar döwletiň, bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigunde Harby lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Goçakow Goçakberdi baýrakly 2-nji orny eýeledi.


Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Kitapsyz öý otsuz ojak ýalydyr” diýen at bilen geçirilen bäslejikde lukmançylyk uniwersiteti ýeňiji diýlip yglan edildi we talyplaryň birnäçesi hormat hatlary bilen sylaglandylar.


Farmasewtika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Berdiýew Atamyrat Türkmenistanyň  ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen “Ýylyň talyby” döwlet bilim bäsleşiginde iň ýokary netije gazanyp, baş baýraga eýe boldy.


Lukmançylyk uniwersitetiniň oglanlar topary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän “Türkmenistan-ruhubelentigiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XI Uniwersiadanyň düzüminde bolan sportuň el göreşi (Armrestling) boýunça baýrakly 2-nji orna, badmintondan III orna mynasyp boldular. Şeýle hem uniwersitetiň talyp gyzlaryndan düzülen toparlar sportuň bouling  görnüşinden toparlaýyn baýrakly 2 orna, sportuň dzýu-do görnüşinden bolsa dürli agramlarda çykyş edip, 2 sany 3 orna mynasyp boldular.

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar