Terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň müdiri Hydyr Aýnazarow


Salgysy:  Aşgabat ş., Gahryman A.Nyýazow köçe (2038). Jaý 203. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 3-nji gat, 2137-nji otag

Tel: +993 64 06-50-07  

E-mail: tdlutm@online.tm.




Stomatologiýa kafedrasynyň taryhy 1966-njy ýyldan başlanýar, terapewtik stomatologiýa kafedrasy bolsa özbaşdak kafedra hökmünde 1977-nji ýylda döredildi. Häzirki döwürde bu ýerde stomatologiýa fakulte­ti­niň talyp­la­ry 3 ders boýunça okuw sapaklaryny geçýärler. Terapewtik stomatologiýa dersi uly adamlaryň dişleriniň kariýesini we onuň gaýra üzülmelerini, kariýes­den özge ze­per­lenmeleri, paro­don­tyň gaýnaglamalaryny, distrofiki we howply dömme çişlerini, agzyň nemli barda­sy­nyň hem-de onuň agzalarynyň aýry-aýry zeperlenmeleriniň öwrenilmesini öz içi­ne alýar. Terapewtik stomatologiýanyň propedewtikasy boýunça geçirilýän okuw sapaklarynda näsaglaryň agyz boşlugynyň agzalarynyň anatomik-topografik gurluşy we fantom şertlerinde barlag usullary öwrenilýär. Stomatologiýa keselleriniň fizioterapiýasy uly ýaşdaky adamlaryň agyz boşlugynda duş gelýän esasy keselleriň fiziki anyklaýyş usullaryny we bejerilişini öz içine alýar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Terapewtik stomatologiýa”, “Terapewtik stomatologiýanyň propedewtikasy”, “Agyz boşlugynyň keselleriniň fizioterapiýasy” okuw kitaplary, şeýle hem okuw-usuly gollanmalar çap edildi.


Ylmy-barlag işiniň esasy ugurlary: dişleriň kariýesiniň we olaryň gaýra üzülmeleriniň klinikasy, anyklanyşy we bejerilişiniň hem öňüniň alnyşynyň häzirki zaman usullary; parodontyň dokumalarynyň keselleriniň häzirki zaman jähtleri; ýokançlaryň dowamly odontogen ojaklarynyň anyklanyş, bejeriliş we öňüni alyş usullary.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan stomatologik amalynda giňden ýaýran keseller bolan dişiň kariýesiniň we onuň gaýra üzülmeleri – pulpitiň, periodontit we parodont dokumalarynyň, agyz boşlugynyň, diliň, dodagyň nemli barda­sy­nyň keselleriniň anyklanyşy, seljerilişi, bejerilişi we öňüniň alnyşy boýunça işler geçirilýär.

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar