Saglygy goraýşyn guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Esenmyrat Annamyradow

tel: +99364077876   e-mail: esenmurad@mail.ru

Salgysy:  Aşgabat ş., Ata Gowşudow köçe Jaý 58. Okuw bina, 2-nji gat, 

7-nji otag.




              



Kafedra 1934-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda ol Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň okuw merkezinde ýerleşmek bilen, häzirki zaman okuw otaglary kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kafedrada “Durmuş gigiýenasy we saglygy goraýşyň guralyşy”, “Lukmançylygyň taryhy” dersleri öwredilýär. 2018-nji ýylda lukmançylyk uniwersitetinde “lukmançylyk-durmuş goragy işi” atly täze hünäriň açylmagy bilen baglylykda kafedrada “Durmuş işi hünärine giriş”, “Durmuş işiniň ykdysady esaslary”, “Durmuş işiniň nazaryýeti we tehnologiýasy” atly täze dersler girizildi.


Talyplary, maşgala intern lukmanlary we diplomdan soňky bilim derejesini kämilleşdirýän lukmanlary okatmaklyk lukmançylygyň taryhy, jemgyýetçilik saglygynyň, saglygy goraýşy dolandyrmaklygyň nazaryýeti we häzirki zaman amalyýeti babatdaky nazary bilimleri almaklygy; amaly sapaklarda lukmançylyk statistikasynyň esaslaryny özleşdirmekligi, ilatyň saglyk ýagdaýyna baha bermekligi, lukmançylyk kömeginiň guralyşyny, saglygy goraýyş edaralaryny dolandyrmaklygyň usullaryny özleşdirmegi we pudagy dolandyrmakda kesgitli ykdysady gurallary peýdalanmak başarnygyny ele almaklygy; saglygy goraýşy dolandyrmagyň dürli derejelerinde amaly iş başarnygyny kemala getirmegi özünde jemleýär.


Kafedranyň okuw-usuly işleriniň esasy ugurlary okatmagyň häzirki zaman usullarynyň we bilim tehnologiýalarynyň ösüşi bilen; ähli dersler boýunça okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny, okuw-usuly materiallaryny işläp taýýarlamak, ýazmak we olary täzeläp durmak; lukmançylygyň taryhy, jemgyýetçilik saglygy we saglygy goraýyş, saglygy goraýşyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ýaly soraglar bilen meşgullanýan daşary ýurt lukmançylyk ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem giňeltmek; ýurduň sebitleriniň saglygy goraýşy dolandyryş guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek; ylmy-amaly okuw sapaklaryny we maslahatlary gurnamak we geçirmek bilen baglydyr.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan türkmen dilinde “Durmuş gigiýenasy we saglygy goraýşyň guralyşy” we “Medisinanyň taryhy” atly okuw kitaplary taýýarlanyp çapdan çykaryldy; 74 sany usuly gollanmalar, şol sanda “Medisinanyň taryhy”, “Lukmançylyk statistikasynyň esaslary”, “Durmuş işi hünärine giriş”, “Durmuş işiniň ykdysady esaslary”, “Durmuş işiniň nazaryýeti we tehnologiýasy” taýýarlandy. Beýanlaryň multimediýa prezentasiýalary hem işlenip düzüldi.


Ylmy-barlag işleri kafedranyň işgärleri tarapyndan aşakda görkezilen ugurlar boýunça alnyp barylýar: “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmagyň netijelerini öwrenmek; içerki migrantlaryň inçekesel meselesini öwrenmek we onuň öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlamak; ýürek işemiýa keselli näsaglarda saglyk mekdepleriniň netijeliligi; Orta asyr döwrüniň milli lukmançylyk mirasyny öwrenmek.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan 1 doktorlyk, 14 kandidatlyk dissertasiýalary goraldy, 12 monografiýa, 500-den gowrak ylmy makalalar çap edildi.

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar