Inçekesel kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, dosent Mähri Haldurdyýewna Durdyýewa

tel: (+99312) 73-81-74  e-mail: tdlutm@online.tm


Salgysy:  Aşgabat ş., O.Annaýew köçesi jaý 18. Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti, Inçe keseli bejeriş - öňüni alyş merkezi bina, 2-nji gat, 

2b 220-nji otag.




1945-nji ýylda lukmançylyk institutynyň fakultet terapiýasy kafedrasynyň düzüminde inçekeseliň dosentlik okuwy döredildi. Inçekesel kafedrasy özbaşdak aýratyn bölüm hökmünde 1972-nji ýylda döredildi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkeziniň binýadynda ýerleşýär.


Okatmagyň akademiki we interaktiw usullary giňden ulanylýan bu kafedrada ähli fakultetleriň talyplary, şeýle hem kliniki ordinatorlar okuw sapaklaryny geçýärler.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan 65 sany okuw-usuly gollanma, 2 sany inçekesel boýunça okuw kitaby, aýry-aýry hünärler boýunça modullaryň 11 toplumy, Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreş Milli maksatnamasynyň dürli jähtleri boýunça 24 usuly görkezmeler taýýarlandy. Kafedrada görkezme esbaplaryň gory döredildi (öýkeniň dürli patologiýasynyň rentgen suratlarynyň atlasy, öýkeniň kompýuter tomografiýasy we magnit-rezonans tomografiýa barlaglarynyň wideoomateriallary, beýan we amaly sapaklaryň kompýuter prezentasiýalary, elektron jetwelleriň albomy we beýl.). Talyplar inçekeseliň mikobakteriýalarynyň identifikasiýasynyň molekulýar-genetiki usullary bilen tanyşýarlar.


Kafedranyň diplomdan soňky okuwlarynda ftiziatrlaryň ilkinji hünär ugrukdyrylyşy we bu käriň üznüksiz kämilleşdirilip ösdürilişi amala aşyrylýar. Munda inçekeseli anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullaryny we çemeleşmelerini hasaba almak bilen ilkinji hünär ugrukdyrylyşyň täze maksatnamalary işlenilip düzüldi; hünärini üznüksiz kämilleşdirip ösdürmegiň okuw maksatnamalary modernizirlendi; ftiziatrlar, maşgala lukmanlary we epidemiologlar üçin dersara we hünärara kämilleşdiriş tapgyrlary işlenilip taýýarlandy; Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Goranmak ministrliginiň saglygy goraýyş hünärmenleri üçin kämilleşdiriş okuwlary işlenilip taýýarlandy.


Ylmy-barlag işleri aşakdaky ugurlar boýunça alnyp barylýar: saglygy goraýyş ulgamyny güýçlendirmek jähtinde inçekeseliň epidemiologiýasy we inçekesele garşy göreş çäreleriniň gurnalyşy; inçekeseliň we mikobakteriozlaryň bakteriologik anyklanyşynyň usullaryny gowulandyrmak, dermana bolan duýgurlygy kesgitlemek; köp dermana durnukly inçekeseliň epidemiologiýasyny, ýüze çykarylyşynyň we bejerilişiniň gurnalyşyny öwrenmek; molekulýar-genetiki usulyýetleriň netijeliligini öwrenmek; reproduktiw ýaşly aýallarda, çagalarda we ýetginjeklerde inçekeseli ýüze çykarmagyň, anyklamagyň we bejermegiň meselelerini öwrenmek; inçekeselli näsaglarda utgaşykly keselleriň bilelikdäki geçiş aýratynlyklaryny öwrenmek we himiobejerginiň rejesini işläp düzmek; köp dermana durnukly inçekeseliň bejerilişinde täze we gaýtadan işlenen preparatlaryň ulanylyş täsirliligini öwrenmek.


Kafedranyň işgärleri inçekesele garşy göreş maksatnamalaryň täze we ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça BSGG-niň Ýewropa Sebit býurosynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlara, tegelek stollara, wideoköprülere gatnaşýarlar, şeýle hem WHO, UNDP, Global Fund halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler.


Kafedrada ftiziatrlary we maşgala lukmanlaryny okatmak üçin okuw-habar beriş merkezi döredilen. Inçekesele garşy göreş Milli maksatnamasynyň bilim beriş komponentini ulanmak bilen Global Fondunyň Grantynyň çäklerinde kafedranyň işgärleri tarapyndan beýleki ministrlikleriň we wedomstwolaryň hünärmenlerine okuw sapaklary geçirilýär.


Bejeriş işleri bölümiň ugry boýunça alnyp barylýar. Anyklaýşyň we bejerişiň innowasion usullary ornaşdyrylýar, himiobejerginiň iň amatly düzgünlerini işläp taýýarlamagyň üstünde işlenilýär. Kafedranyň işgärleri berkidilen bölümlerde, Aşgabat şäheriniň bejeriş edaralarynda we welaýat inçekesel hassahanalarynda näsaglar üçin maslahat beriş işlerini geçirýärler, şeýle hem keseliň kesgidini goýmak boýunça ýörite kesgitlenen toparlara gatnaşýarlar.


Kafedranyň işgärleri talyplaryň gatnaşmagynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, neşekeşligiň meseleleri we AIDS-niň öňüniň alnyşy we beýl. boýunça ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarynyň guramaçylary bolup durýarlar. Mundan başga-da, Bütindünýä inçekesele garşy göreş güni mynasybetli Içeri işler ministrliginiň instituty bilen bilelikde her ýyl talyplaryň ylmy-amaly maslahatlary we aksiýalary geçirilýär.


 

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar