Gospital pediatriýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Şageldi Annadurdyýewiç Sähetdurdyýew

tel: (+99312) 43-51-92  e-mail: tdlutm@online.tm

Salgysy:  Aşgabat ş., B.Annanow köçe, jaý 28. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi, Gospital pediatriýa kafedrasy, 

2-nji gat.




Kafedra 1972-nji ýylda döredildi. Kafedranyň kliniki binýatlary Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi, S.A. Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi, Aşgabat şäheriniň 9-njy we 14-nji saglyk öýleri bolup durýar.


Kafedrada pediatriýa we kesel bejeriş fakultetleriniň V-VI ýyllarynyň talyplary “Neonatologiýa”, “Fizioterapiýa we kurortologiýa”, “Gospital pediatriýa”, “Hytaý lukmançylygy pediatriýada” derslerinden okuw sapaklaryny geçýärler. Kafedra häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, bu bolsa sapaklaryň ýokary tehniki derejede geçirilmegine mümkinçilik berýär.


Kafedranyň professor-mugallymlary tarapyndan 800-den gowrak işler çap edildi, ylmy-barlag işler boýunça 10-dan köp jemleýji hasabatlar ýazyldy, 3 sany awtorlyk şahadatnamalar alyndy we 10-dan köp rasionalizatorlyk teklipler edildi. Kafedrada “Çaga keselleri” okuw kitaby täzeden seredilip, neşire taýýarlandy, 150-den gowrak okuw-usuly gollanmalar işlenip düzüldi, talyplaryň bilimini barlamak üçin test soraglaryň toplumlary, pursatlaýyn meseleler, albomlar we beýan sapaklar boýunça prezentasiýalar taýýarlandy. Okuw prosesinde talyplaryň bilimini kompýuterlerde portalda barlamaklyk giňden ulanylýar.


Kafedrada talyplaryň ylmy gurnagy işjeň hereket edýär. Onda talyplar ylmy barlaglaryň netijeieri bilen ylmy-amaly maslahatlarda çykyş edýärler. Her ýyl Ýaş alymlaryň bäsleşigine talyplaryň ylmy işleri hödürlenýär.


Bejeriş-maslahat beriş işleri kliniki binýatlarda ýerine ýetitrilýär. Kafedranyň mugallymlary bölümleriň kutatorlary bolup, sanawiasiýanyň çagyryşlaryna gatnaşýarlar, stasionarlarda konsiliumlary geçirýärler. Ýurdumyzyň ylym pudagynyň ösüşinde esasy ugurlaryň biri täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bolup durýar we munda telelukmançylyga aýratyn orun berilýär. Ol 2019-njy ýyldan bäri ýokary okuw mekdebimiziň tejribeli mugallymlaryna talyplar bilen bilelikde uzak aralykdan agyr we/ýa-da keseli mälim bolmadyk näsaglaryň konsiliumlaryny, pediatriýanyň we neonatologiýanyň derwaýys meseleleri boýunça uzak aralykdan beýanlary, şeýle hem kliniki we patologo-anatomiki derňewleri geçirmeklige giň mümkinçilikleri açýar.






















  

Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary uzak aralykdan telelukmançylyk arkaly agyr näsagyň konsilium maslahatyny geçirýärler.


Kafedranyň mugallymlary pediatriýa fakultetiniň V-VI ýyllarynyň talyplarynyň kuratorlary we halypalary hökmünde talyp ýaşlaryň arasynda uly terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar.


 
















Kafedranyň assistenti, l.y.k. O.M.Annaýewa talyplar bilen amaly sapakda.

















Talyplar kafedranyň assistenti, l.y.k. O.M.Annaýewanyň ýolbaşçylygynda amaly endikleri özleşdirýärler.


Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar