Gistologiýa, embriologiýa, sitologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Gülälek Ýazyýewna Ýegengeldiýewa

тел:  (+99312) 48-98-76  e-mail: tdlutm@online.tm


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 18. Fiziologiýa bina, 3-nji gat, 

2346-nji otag.




Gistologiýa, embriologiýa, sitologiýa kafedrasy 1932-nji ýylda döredildi we ol gysga wagtyň içinde gistologik barlaglaryň we hünärmenleri taýýarlamagyň iri merkezine öwrüldi.


Ähli fakultetleriň 1-2-nji ýyl talyplary gistologiýa dersinde gistologik tehnikanyň esaslary, mikroskopyň gurluşy we işi, öýjükleriň, dokumalaryň hem-de organlaryň mikroskopik we elektron-mikroskopik gurluşy bilen tanyşyarlar.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan talyplara gistologiýa dersini çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýän okatmagyň öňdebaryjy, innowasion sanly usulyýetiniň girizilmegi boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Bularyň hemmesi beýan we amaly sapaklar üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly innowasion abzallar bilen kafedranyň enjamlaşdyrylmagy arkaly amala aşyrylýar.


Kafedrada 8 sany okuw otagy, kiçi beýan zaly we faza-kontrastly okuw otagy, binokulýar we beýleki mikroskoplar, interaktiw tagta, mulýažlar, şeýle hem awtomatlaşdyrylan dokuma prosessory, preparatlary reňkleýji, parafin guýujy enjamlar bilen abzallaşdyrylan hususy gistologik barlaghanasy bar. Okuw sapaklary innowasion tehnologiýalaryň, tematiki prezentasiýalaryň ulanylmagy bilen, wideorolikleri görkezmek arkaly alnyp barylýar, teleköprüleriň üsti bilen bolsa uniwersitetiň özünde hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda amaly maslahatlary geçirmäge mümkinçilikler döredilen.


Kafedrada talyplara diňe gistologiýa dersinden bilim almaga däl-de, eýsem öň geçilen derslerden hem bilimlerini berkitmäge mümkinçilik berýän modullar boýunça okatmak işleri alnyp barylýar. Talyplar uly gyzyklanma bilen ýörite kompýuter programmasy boýunça test soraglaryny, pursatlaýyn meseleleri çözýärler.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan türkmen dilinde "Gistologiýa, sitologiýa, embriologiýa" atly okuw kitaby, 80-e golaý okuw-usuly gollanmalar, şol sanda „Kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa, harby lukmançylyk we sport lukmançylygy fakultetleriniň 1-2-nji ýyl talyplary üçin gistologiýa, embriologiýa we sitologiýa dersinden beýanlaryň ýygyndysy“, „Gistologiýadan amaly endikleriň sanawy“, „Gistologiýa, embriologiýa we sitologiýa boýunça test ýumuşlary“ „Gistologiýa, embriologiýa we sitologiýa dersinden atlas“,„Gistologiýa, embriologiýa we sitologiýa dersinden integrirlenen okuw modullary“ atly gollanmalar taýýarlandy.


Kafedranyň işgärleri halypalar we kuratorlar hökmünde talyplar bilen terbiýeçilik işlerini işjeň alyp barýarlar, olaryň bilimlerini artdyrýarlar. 


Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar