Deri we weneriki keselleri kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Kemal Nuryýewiç Gudratullaýew

tel: (+99312) 73-93-96  e-mail: kemalkudratullaev@gmail.com


Salgysy:  ş., Aşgabat, O.Annaýew köçe, Ýokanç keselleri merkezleri müdirýeti, deri we wenerologiýa hassahanasy, Deri we weneriki keselleri kafedrasy 2-nji gat, 217-nji otag.




     

Deri we weneriki keseller kafedrasy 1932-nji ýylda Türkmen döwlet medisina institutynyň hem-de Deri keselleriniň ylmy-barlag institutynyň binýadynda döredildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkezleri Müdiriýetiniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy kafedranyň kliniki binýady bolup durýar.


Häzirki döwürde okuw otaglarynyň ählisi kompýuter we multimediýa abzallary bilen enjamlaşdyrylan, bu hem okuw sapaklaryny ýokary derejede we döwrebap alyp barmaga ýardam berýär. Okadylýan dürli dersleri hemmetaraplaýyn özleşdirmekde kafedranyň köp sanly hususy kliniki fotomateriallary, häzirki zaman daşary ýurt ylmy we okuw, şeýle hem Internetden alnan maglumatlar giňden peýdalanylýar. Köp sanly görkezme esbaplar, olardaky deri keselleriniň kliniki köpdürlüliginiň, onuň atipiki (mahsus bolmadyk) kliniki görnüşleriniň, dermatozyň ähli tapgyrlarynyň fotoşekilleri beýan we amaly sapaklarda ulanylýarlar. Mundan başga-da, talyplar amaly sapaklarda Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasynyň ähli kliniki bölümlerinde bejergi alýan näsaglara gözegçilik edýärler, bu bolsa öwrenilýän temany hem-de degişli amaly endikleri doly özleşdirmäge ýardam berýär.


Deri we weneriki keseller kafedrasynda sekiz fakultetiň 4-nji ýyl talyplary dermatowenerologiýanyň okadylyş we özleşdiriş aýratynlyklaryny, şeýle hem Türkmenistanyň şertlerinde deri keselleriniň kliniki geçişiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan okuw maksatnamalary boýunça okadylýarlar. Ähli okadylýan temalar boýunça köp sanly okuw-usuly gollanmalar taýýarlanyp, olar yzygiderli täzelenýärler. Okuw sapaklaryny iňlis dilinde geçýän talyplaryň toparlary üçin dermatowenerologiýa boýunça okadylýan dilde zerur bolan degişli okuw gollanmalary bar.


 2010-njy ýylda kafedranyň işgärleri tarapyndan reňkli fotoşekiller bilen bezelen “Deri we weneriki keseller” okuw kitaby çapdan çykaryldy.


 Lukmançylyk uniwersitetinde diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetiniň açylmagy bilen dermatowenerolog lukmanlaryny taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça ähli oňaýly şertler döredi. Deri we weneriki keseller kafedrasynda lukmanlaryň diplomdan soňky taýýarlygy we kämilleşdiriş okuwlarynda nazaryýet we amaly okuwlaryň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, dermatowenerolog lukmanlary, maşgala we harby lukmanlar okuw sapaklaryny geçýärler. Dermatowenerologiýanyň wajyp meselelerini özleşdirmek maksady bilen utgaşykly hünärleri bolan lukmanlar üçin integrirlenen maksatnama işlenip düzüldi.


Kafedranyň mugallymlarynyň ylmy işiniň esasy ugurlary deri leýşmaniozyny, dowamly allergiki keselleri öwrenmekden, olary Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň ulanylmagy bilen bejermekden, şeýle hem Aral deňziniň meseleleri bilen bagly bolan deri keselleriniň geçişiniň aýratynlyklaryny öwrenmekden ybarat.


Diplomdan soňky taýýarlygy we kämilleşdirişi geçýän lukmanlar bejerişiň kämilleşdirilen usullaryny öwrenmekden başga-da, häzirki zaman fizioterapewtiki we balneologik bejergileri hem özleşdirýärler.


Kafedrada talyplaryň ylmy-barlag gurnagy hereket edýär, oňa dermatowenerologiýany öwrenmäge gyzyklanma bildirýän talyplar gatnaşýarlar. Olar kafedranyň mugallymlary bilen bilelikde alyp baran ylmy işleriniň netijeleri bilen ylmy-amaly maslahatlarda we seminarlarda çykyş edýärler.


Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar