Mikrobiologiýa kafedrasynyň kafedra müdiri lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty M. K. Annaberdiýewa


Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 18. Fiziologiýa bina, 3-nji gat, 2322-nji otag

l: (+99312) 48-99-21

E-mail: tdlutm@online.tm





Mikrobiologiýa kafedrasy 1934-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda kafedra iň täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, bu bolsa mikrobiologiýa boýunça ähli fakultetleriň başlangyç ýyl talyplary bilen umumy we amaly sapaklaryň üstünlikli geçirilmegine ýardam berýär. Kafedrada mikroblaryň diri kulturalarynyň muzeýi, mikro- we immunobiologik serişde­leriň (probiotikler, bakteriofaglar, waksinalar, immun syworotkalar, allergenler, diagnostikumlar) toplumlary bar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan „Mikrobiologiýa“ atly okuw kitaby çap edildi, dersiň dürli bölümleri boýunça okuw-usuly gollanmalar işlenip düzüldi, görkezgiçleriň, albomlaryň, slaýdlaryň, wideofilmleriň we modullaryň toplumlary döredildi. Beýan we amaly materiallar interaktiw görnüşinde yzygiderli täzelenýär. Ýokary okuw mekdebiniň okuw prosesinde möhüm düzüm bölegi bolup durýan beýan sapaklary wideofilmler, 3D formatda berlen animasiýa­lar bilen baýlaşdyrylan.


Mugallymlar tarapyndan amaly sapak­lar üçin taýýarlanan modullar okatmagyň maksa­tlarynyň beýanyny, gözegçilik we barlag soraglaryny, talybyň özbaşdak işiniň görnüşlerini, tema degişli esasy düşünjeleri, pursatlaýyn meseleleri, test barlagyny, hödürlenýän edebiýatlaryň sanawyny, mikroorganizmleriň kulturalary bilen işlemekde talyplar üçin zähmet goranyşy boýunça gözükdirijini öz içinde saklaýar.


Talyplaryň özbaşdak işleri aşakdakylardan ybarat: mikropreparatlary taýýarlamak, olary reňklemek we mikroskopiýa; sterilizasiýanyň usullary we sterilizasiýada ula­nylýan enjamlar bilen tanyşmak; iýmitlendiriji gurşawlary taýýarlamagyň düzgünleri; mikroorganizmleriň antibiotiklere duýujylygyny kesgitlemek; serologik reaksiýalary goýmagyň düzgünleri we olary hasaba almak.


Okatmak prosesiniň möhüm bölümleriniň biri sanly bilimdir, ol talyplaryň dersi özleşdirişine gözegçilik etmeklige mümkinçilik berýär. Portala kafedranyň işgärleriniň okuw we ylmy-barlag işleri, talyplar üçin dersiň dürli temalary boýunça test soraglary we pursatlaýyn meseleler, ylmy-amaly maslahatlaryň prezentasiýalary we beýlekiler girizilen. Mundan başga-da, talyplar uzak aralykdan okatmagyň portaly arkaly geçirilýän halkara olimpiadalara gatnaşyp, hormat hatlary we diplomlar bilen sylaglandylar, şeýle hem ýeňijileri taýýarlamak işleri üçin kafedranyň adyna minnetdarlyk hatlary berildi.


Kafedranyň ylmy-barlag işiniň esasy ugry ýerli dermanlyk ösümlikleriň bakteriýalara garşy işjeňligini öwrenmek bolup durýar: üzärlik, buýan, reňkli inçe süýümli gowaça, boýdäne, pişikdyrnak, ak we gara tut, deşilen huşberen, türkmen çomujy we başg. Uniwersitetiň Ylmy-barlag merkezi, farmasiýa, farmakologiýa, terapewtik we hirurgik stomatologiýa kafedralary bilen hem ylmy-gözleg işleri geçirilýär. Kafedranyň işgärleri Bütin­dünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan gurnalan seminarlara gatnaşýarlar, Halkara ylmy-amaly maslahatlarda çykyş edýärler, barlaglaryň netijeleri bolsa ýurduň içinde we daşary ýurt neşirlerinde çap edilýär.


1934-nji ýylda gurnalan talyplaryň mikrobiologik gurnagy häzirki güne çenli hem hereket edýär. Talyplar gurnagyň mejlislerinde, ylmy-amaly maslahatlarda yzygiderli çykyş edýärler we Ýaş alymlaryň bäsleşigine gatnaşýarlar.

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar