Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri 

Jumadurdy Öwezdurdyýewiç Annanurow

tel: (+99312) 48-99-27  e-mail: Annanurowj@gmail.com


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, Jaý 18. Biologiýa binasy, 2-nji gat, 

3239-nji otag.





Kafedra 1932-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda ähli fakultetleriň talyplary beýan we amaly sapaklarda medisina ekologiýasyny, umumy gigiýena we iýmit gigiýenasy, kommunal gigiýena we zähmet gigiýenasy, çagalaryň we ýetginjekleriň gigiýenasy, hytaý lukmançylygynda umumy gigiýena, hassahana gigiýenasy we sport desgalarynyň gigiýenasy derslerini öwrenýärler. Ondan başga-da, kafedrada lukmanlaryň we intern-lukmanlaryň diplomdan soňky taýýarlyk we kämilleşdiriş okuwynyň diňleýjileri üçin sapaklar okadylýar.


Kafedranyň gory okuw sapaklary üçin albom we elektron görnüşdäki materiallary, ähli dersler boýunça test barlagynyň ýygyndylaryny, şeýle hem görkezme esbaplary (jetweller, prezentasiýalar, wideofilmler, mulýažlar we başg.) öz içine alýar.


Okuw otaglary, amaly sapaklar üçin otaglar, beýan zaly multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen. Iýmit barlaghanasy iýmit önümleriniň hilini kesgitlemek üçin zerur bolan ähli reaktiwler bilen üpjün edilen, bu bolsa talyplaryň nazary bilimlerini berkitmeklige ýardam berýär. Kafedranyň ýygnaklaryny geçirmek we okuw gollanmalary bilen işlemek üçin kafedrada okuw-usuly otag bar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan 150-den gowrak okuw-usuly gollanma, 6 sany monografiýa, 630 ylmy makala çap edildi, 6 sany okuw kitaby neşire taýýarlanyp, olardan 2-si çapdan çykdy.


“Bahar” tikin önümçilik birleşiginiň sehlerinde işleýän aýal-gyzlaryň saglyk ýagdaýyna fitonsidleriň ýetirýän täsirine gigiýeniki taýdan bahalandyrmak”, “Türkmenistanyň şertlerinde türgenleriň fiziologik aýratynlyklaryny öwrenmek we ukyply türgenleri saýlamagyň toplumlaýyn usulyýetini ylmy taýdan esaslandyrmak”, ''Ýaşlaryň arasynda metaboliki sindromyň duş geliş ýygylygy” atly temalar kafedranyň ylmy-barlag işleri bolup durýar.


Kafedranyň esaslandyrylan gününden bäri jemi 5 doktorlyk we 16 sany kandidatlyk dissertasiýalary goraldy, 5 sany rasionalizatorlyk işleri üçin şahadatnamalar berildi.


  
















Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar