Urologiýa okuwly fakultet hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, dosent Mämmetberdi Çaryýew

tel: (+99312) 43-78-12  e-mail: tdlutm@online.tm


Salgysy:  ş., Aşgabat, Oguz han köçe, S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkeziurologiýa bölümi, 2-nji gat.



     

Fakultet hirurgiýasy kafedrasy 1932-nji ýylda döredildi. Urologiýa okuwy bu kafedranyň düzümine 1999-njy ýylda girizilen. 


Okuw maksatnamasyna laýyklykda kafedrada lukmançylyk uniwersitetiniň ähli fakultetleriniň talyplary okaýarlar. Kafedranyň mugallymlary öz kliniki bölümlerinde uly göwrümli bejeriş, anyklaýyş we maslahat beriş işlerini amala aşyrýarlar. Kafedranyñ işgärleri tarapyndan amaly saglygy goraýşa hirurgik keselleriň täze bejeriş usullary ornaşdyryldy: prostatanyň adenomasynyň bejerilişinde endoskopik usullar (prostatanyň adenomasynyň transuretral rezeksiýasy), öt daş keselini (laparoskopiki holesistektomiýa) we garyn boşlugynyň ýelmeşme kesellerini bejermekde laparoskopiki usullar, böwreklerde ýeňil kistalaryň laparoskopiki kistektomiýasy.


Kafedrada ylmy-barlag işleri şu temalar boýunça ýokary derejede alnyp barylýar: “Garyn boşlugynyň ýelmeşme keselini laparoskopiki usuly bilen bejermek”, “Ýiti kalkulýoz piýelonefritiň anyklanyş we bejeriş usullaryny kämilleşdirmek”, “Böwrekleriň göwrümli keselleriniň anyklanyşynda, bejerilişinde we çaklamasynda şöhle anyklaýyş ulullarynyň ähmiýeti”, “Bagyr ehinokokkozynyň çylşyrymlaşan görnüşleriniň anyklanyş we bejeriş aýratynlyklary”, “Kalkulýoz holesistitiň ýelmeşme keseli bilen utgaşmasynda laparoskopiki holesistektomiýa”, “Distansion urgy-tolkunly litotripsiýanyň gaýra üzülmeleriniň öňüni alyş we bejeriş usullaryny kämilleşdirmek”, “Ýeke böwregiň nefrolitiaz bejeriş işiniň kämilleşmegi”, ““Ýyly suw” şypahanasynyň mineral suwunyň piýelonefritiň we peşew ýollarynda daş emele gelmeleriň öňüni almakda we bejermekde ulanylyşy”.


Kafedrada dürli ýyllarda 6 doktorlyk we 13 kandidatlyk dissertasiýalary goraldy.

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar