Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasyň müdiri G.A. Hojamberdiýewa


Salgysy: Aşgabat ş., B.Annanow köç., 28. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi

Tel: (+99312) 43-51-97  

E-mail: guljahan7272@gmail.com



Kafedra 1935-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda kafedra Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň binýadynda ýerleşýär. Kafedranyň işgärleriniň kuwwatlylygynyň özenini ylymlaryň kandidatlary düzýär.


Kesel bejeriş fakultetiniň talyplary “Akuşerçilik” dersiniň bölüminde göwreliligiň we dogrumlaryň kadaly geçişini, şeýle hem akuşerçilik patologiýalaryny öwrenýärler, fantom okuwyny geçýärler. “Ginekologiýa” bölümine ginekologik keselleriniň öwrenilmesi, şeýle hem çaga we ýetginjekler ginekologiýasy meseleleri girizildi. Okuw döwründe talyplar akuşerçilik-ginekologiýa stasionarynyň ähli bölümleriniň işi bilen tanyşýarlar, tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda amaly endikleri özleşdirýärler.


Esasan hem göwreli aýallara we ginekologik näsaglara gyssagly kömek bermekde nazary meseleleriň öwrenilmegine we amaly endikleri özleşdirmäge, olaryň özbaşdak işde ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda amaly sapaklarda ýagdaýly meseleleri çözmeklik, keselleriň taryhyny seljermeklik, nozologiýalar babatda häzirki zaman maglumatlar bilelikdäki tematiki modullar, kafedranyň işgärleri tarapyndan işlenip düzülen rol oýunlary, akuşerçilik we ginekologik fantomlar, wideomateriallar giňden ulanylýarlar. Talyplary özbaşdak okatmaklyk üçin okuw meýilnamasy tarapyndan göz öňünde tutulan ähli temalaryň girizilmegi bilen internet-portaly döredildi. Bilimleriň test barlagy we jemleýji sapagy uzak aralykdan tabşyrmaklyk ornaşdyryldy.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Ginekologiýa” okuw kitaby neşir edildi, 100-den gowrak usuly gollanmalar, şol sanda: “Akuşerçilik boýunça beýanlaryň ýygyndysy”, “Ginekologiýa boýunça beýanlaryň ýygyndysy” işlenip taýýarlandy. Kafedranyň beýan we amaly sapaklarynyň multimediýa tanyşdyryşlary döredildi. Okuw meýilnamalaryna “Howpsuz enelik” maksatnamasynyň ýörelgelerini ornaşdyrmaklyk dowam etdirilýär. Bu maksatnama boýunça okuw-usuly gollanmalar taýýarlanyp, okuw interaktiw seminarlary geçirilýär.


Kafedranyň ylmy işiniň esasy ugurlary - aýallaryň reproduktiw funksiýasynyň bozulmalaryny anyklamagyň we bejermegiň kämilleşdirilişi; jyns ýollaryndan geçýän keselleriň öňüni almak; maşgalany meýilleşdirmek. Bularyň ählisi ene, perinatal we ginekologik keselçiligi we ölümi azaltmaklyga, Türkmenistanyň ilatynyň aýallarynyň saglyk we ýaşaýyş hiliniň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.


Kafedranyň işgärleri ýurduň ilatyna maslahat beriş we lukmançylyk kömegini bermeklige gatnaşýarlar. Olar her gün kliniki maslahatlary geçirýärler, keselleriň taryhlaryny alyp barýarlar, has çylşyrymly ýagdaýlary gözden geçirýärler, anyklaýşyň we bejerginiň täze usullaryny ornaşdyrýarlar, sanitar awiasiýasynyň ugry boýunça gyssagly we meýilnamalaýyn kömegini amala aşyrylýar. Kafedranyň işgärleri öz hünär derejesini yzygider ýokarlandyrýarlar we pedagogika hem psihologiýa boýunça okuwlary geçýärler. Radioda we telewideniýede çykyş etmek, döwürleýin neşirlerde makalalary taýýarlamak, lukmanlar we ilat üçin beýanlaryň okalmagy sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala gelmegine we aýry-aýry keselleriň öňüni almaklyga ýardam berýär.



Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar