Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň müdiri lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, dosent G.O.Bäşimow


Salgysy: Aşgabat ş., O.Annaýew 2255 köç., Morfologiýa merkezi3-nji gat, 3004-nji otag

Tel: (+99312) 73-76-45  

E-mail: medgurosman@mail.ru

      


























Adam anatomiýasy kafedrasy öz taryhyny 1932-nji ýyldan Türkmenistanda lukmançylyk institutynyň açylmagyndan alyp gaýdýar, emma operatiw hirurgiýa we topografik anatomiýa kafedrasy gijiräk 1934-nji ýylda döredildi. 1999-njy ýylda iki sany kafedranyň birleşmegi bilen ol “adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa” diýlip atlandyryldy.


Häzirki wagtda kafedra Morfologiýa merkeziň täze binasynda ýerleşýär we häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary bar. Kadaly we topografik anatomiýa dersiniň amaly sapaklarynda anatomiki 3-D disseksion interaktiw stol ulanylýar, operatiw hirurgiýa dersinden amaly sapaklar geçirilende bolsa talyplar operasiýalaryň tärlerini we usullaryny ýörite wirtual simulýasion enjamlarda özleşdirýärler. Kafedranyň bazasynda amaly sapaklary geçirmek we tejribe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin operasion blok gurnalan. Talyplar tarapyndan geçirilýän operasiýalar operasion blok arkaly okuw otaglarynda görkezilýär. Haýwanlarda tejribeleri geçirmek üçin häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ýörite wiwariý bölümi bar.


“Adam anatomiýa” dersi kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa, şeýle hem sport lukmançylygy, harby lukmançylygyň “bejeriş işi” we “arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi” hünärleriniň I-II -nji ýyllarynda okadylýar we ders Döwlet synagyny tabşyrmak bilen tamamlanýar. “Operatiw hirurgiýa we topografik anatomiýa” dersi şol fakultetleriň III-IV ýyllarynda geçirilýär we synag tabşyrmaklyk bilen tamamlanýar.


Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy döwründe kafedranyň mugallymlary tarapyndan 150-den gowrak usuly we okuw gollanmalary taýýarlandy. ,,Adam anatomiýasy” dersi boýunça okuw kitabynyň üç tomy we ,,Operatiw hirurgiýa we topografik anatomiýa” kitaby türkmen dilinde çykaryldy.


 Kafedrada “Wagotomiýanyň aşgazanyň we on iki barmak içegäniň morfofunksional ýagdaýyna edýän täsiri” atly ylmy-barlag iş alnyp barylýar. Bu ylmy işiň netijeleri ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän 27 sany ylmy-amaly maslahatlarda (Russiýa, Belorussia, Gyrgyzystan, Gazagystan, Türkiýe, Ysraýyl) beýan edildi. Wagotomiýanyň usullaryny kämileşdirmek maksady bilen 10 sany rasionalizatorçylyk tekliplere şahadatnamalar alyndy. Tejribelerde aşgazan newrotomiýasynyň 3 sany täze usuly işlenilip düzüldi, 2009-njy, 2013-nji, 2015-nji ýyllarda oýlanyp tapyşlara patentler, şeýle hem 3 sany halkara sertifikaty alyndy. Taýýarlanýan doktorlyk işiniň netijeleri boýunça bir monografiýa çapdan çykaryldy.


 Häzirki döwürde kafedranyň işgärleri Morfologiýa merkezi bilen bilelikde “Ýürek damarlarynyň anatomiki we patomorfologik aýratynlyklaryny kesgitlemek we olaryň ýüregiň işemiýa keseliniň ýüze çykmagynda ähmiýeti” atly ylmy-barlag işini ýerine ýetirýärler.


 Kafedrada hereket edýän talyplaryň ylmy gurnagynda ýerine ýetirilen eksperimental operasiýalar wideo ýazgylary döredilip, olar amaly we beýan sapaklarynda görkezilýärler. Munda “Böwrekleriň we dalagyň transplantasiýasy” ugry boýunça tejribe işleri alnyp barylýar.



Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar