Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasy









Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri 

Zakirjan Jumagulyýewiç Hojamberdiýew

tel: (+99312) 92-20-68  e-mail: tdlutm@online.tm


Salgysy: Aşgabat ş., Ata Gowşudow köçe, Jaý 58. 1-nji gat.









          2012-nji ýylda Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasy dörediýär. Kafedranyň müdiri wezipesine O.K.Amedow (2012-2013ý.ý.), Ç.N.Nepesow (2013-2017ý.ý.) ýolbaşçylyk edýär. Soňra bolsa G.Ataýew (2017-2019ý.ý.), A.G.Annadow (2019-2020ý.ý.) kafedranyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmeklik üstüne ýüklenýär. 2020-nji ýylda häzirki wagta çenli kafedranyň müdiri wezipesini B.A. Mämmedow alyp barýar.

          

Bu kaferdra, Görogly köçesinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binalar toplumynda ýerleşýär.

          

Kafedrada Kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, stomatologiýa, sport lukmançylygy, saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylygy fakultetiniň talyplary bilen Ilaty adatdan daşary ýagdaýlarda goramak, Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti dersleri boýunça sapaklar geçirilýär. Farmatewtiki fakultetiniň talyplary bilen Harby lukmançylyk üpjünçiligi dersleri boýunça sapaklar geçirilýär, Harby lukmançylyk fakultetiniň talyplary bilen Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti, Harby lukmançylyk üpjünçiligi, Harby syýasat we hukuk, Umumygoşun tyl taýýarlygy derslerinden amaly we beýan sapaklary geçirilýär.

          

Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti”, “Umumygoşun tyl taýýarlygy” atly okuw kitaplary; 209 sany okuw usuly gollanmalar taýýarlanyldy.                                         

          

Kafedrada 12 sany ylmy işlerden tezisler, 19 sany makalalar talyplar bilen ylmy gözegçilik işleri dürli talyp gurnaklarynda alynyp barylýar.

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar