Farmasiýa kafedrasynyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty 

Ilmyrat Gurbanowiç Gurbanow

tel: (+99312) 48-98-67  e-mail: tdlutm@online.tm


Salgysy:  Aşgabat ş., Arçabil köçe-şaýoly, Jaý 18. Fiziologiýa bina, 2-nji gat, 2236-nji otag.






Farmasiýa kafedrasy 1983-nji ýyldan bäri farmasewtika fakultetiniň düzümine girýär. Okuwyň görnüşi – gündizki, okuwyň dowamlylygy - 5 ýyl. Uçurymlara “prowizor” käri berilýär. Kafedranyň okuw otaglary häzirki zaman lukmançylyk we farmasewtiki enjamlary bilen üpjün edilen. Bu bolsa talyp ýaşlary dünýä ülňüleri derejesinde okatmaklyga mümkinçilik berýär.


Kafedranyň uçurymlary Baş dermanhana birleşigine degişli dermanhanalara, “Türkmendermansenagat” birleşigine degişli derman kärhanalaryna, Derman serişdelerini hasaba alyş we olaryň hiline Döwlet gözegçiligi merkezine, Kazyýet lukmançylygy edarasyna, “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik birleşigine, Türkmenistanyň derman ösümlikleri institutyna işe ugradylýarlar.


 Okuw meýilnamasyna laýyklykda kafedrada “prowizor” hünäri boýunça 12 sany dersden nazary we amaly sapaklar geçirilýär. Öwrenilýän dersler boýunça talyplar okuw edebiýatlary we usuly gollanmalar bilen üpjün edilen.


“Prowizor” hünäri boýunça okuw we döwlet tejribelikleri dermanhanalarda, derman kärhanalarynda, Aşgabat şäheriniň Merkezi botanika bagynda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine degişli goraghanalarda geçirilýärler. Mundan başga-da, kafedrada prowizorlary kämilleşdiriş okuwy hem alnyp barylýar.






















Amaly sapaklaryň aglabasy merkezi dermanhanalarda we “Türkmendermansenagat” birleşigine degişli “Saglyk”, “Tenekär” we “Ajanta Farma LTD” derman kärhanalarynda geçirilýär. Munuň özi talyplara geljekki iş ýerleri, döwrebap farmasewtiki enjamlar we gurallar bilen öňünden tanyş bolmaklaryna, lukmançylykda we farmasewtika ylmynda bolup geçýän täzelikler bilen öz wagtynda ýakyndan tanyşmaklaryna ýardam berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan ugur alyp, kafedranyň ähli mugallymlarynyň gatnaşmagynda täze derman görnüşleriniň tehnologiýalaryny öwrenmek, olary işläp taýýarlamak, şeýle hem derman serişdeleriniň, şol sanda dermanlyk ösümlikleriniň derňew usullaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Alnan netijeler geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara hödürlenýärler, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda çap edilýän ylmy žurnallaryň sahypalarynda neşir edilýärler, öwrenilýän dersleriň okuw meýilnamalaryna ornaşdyrylýarlar. Farmasewtika fakultetiniň gutardyş ýyl talyplarynyň iň mynasyplary okuwlaryny diplom taslamalaryny goramak bilen tamamlaýarlar.


Kafedrada ýerine ýetirilen ylmy işler dürli bäsleşiklere, şol sanda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýaş alymlaryň arasynda yglan edýän bäsleşigine hödürlenýärler we baýrakly orunlary eýeleýärler.


Kafedranyň mugallymlary farmasewtika fakultetiniň talyplary bilen kuratorçylyk we halypaçylyk işlerini alyp barýarlar, uniwersitetde geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýarlar.


 

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar