Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy





Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Hoja Jumaýew

tel: +99365 53-28-62  e-mail: dr.h.dzumaev@gmail.com


Salgysy:  Aşgabat ş., Gahryman A.Nyýazow köçe (2038). Jaý 203. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 3-nji gat, 3111-nji otag. 




     Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. 


Diplomdan soňky bilimiň diňleýjileriniň okuwy birnäçe sikllerden ybarat:


3 aýlyk ilkinji hünär kämilleşdiriş okuwy;

1 aýlyk lukmanlaryň hünär kämilleşdiriş okuwy;

birnäçe dersler -  terapewtik, hirurgik, ortopediki stomatologiýa boýunça lukman stomatologlaryň integrirlenen kämilleşdiriş okuwy;

stomatologiýanyň dürli  ugurlary boýunça 2 hepdelik lukmanlaryň kämilleşdiriş okuwy;

lukman stomatologlaryň bir ýyllyk internaturasy.     


Siklleýin kämilleşdiriş okuwlary tamamlanandan soň  lukmanlar synag tabşyrýarlar we hünärlerine laýyklykda şahadatnama alýarlar.  


Terapewtik, hirurgik, ortopediki  stomatologiýa boýunça dersler birnäçe tematiki ugurlaryny öz içine alýarlar: ilata stomatologik kömegini bermegiň gurnalyşy; lukmançylyk deontologiýasy; kliniki-funksional anyklanyşyň häzirki zaman usullary we ortopediki we toplumlaýyn bejergini talap edýän agyz boşlugynyň, şeýle hem diş-äň ulgamynyň kesellerinde gurallaýyn barlag usullary; stomatologik kesellerini bejermekde fitoterapiýanyň we fizioterapewtik usullarynyň ulanylyşy. Agyz boşlugynyň we diş-äň ulgamynyň organlarynyň we dokumalarynyň keselleriniň ösüşiniň öňüni alyş çäreleri, şeýle hem olaryň bejerilişi  kliniki lukmançylygyň bölümi hökmünde stomatologiýanyň esasy ugurlary we kafedranyň beýan hem amaly sapaklarynda iň wajyp dersler bolup durýarlar.  


Stomatolog lukmanlaryny gaýtadan taýýarlamagyň okuw prosesiniň gurluşynda öňdebaryjy bilim tehnologiýalary ulanylýar. Bu bolsa okaýanlara   zerur bolan häzirki zaman bilimlerini almaga we amaly endikleri ösdürmäge, olary amalyýete netijeli ornaşdyrmaga, öz hünär we aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Kararynyň esasynda 2013-nji ýylda lukmançylyk uniwersitetiniň düzümine giren Stomatologik okuw-önümçilik merkezinde kafedranyň esasy kliniki bazasy ýerleşýär. Onda agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak we bejermek boýunça innowasion tehnologiýalary amalyýete ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen beýan otaglarynyň we okuw barlaghanalarynyň zerur bolan toplumy bardyr.


Ylmy işleriň esasy ugurlary:  dişleriň kariýesiniň, parodont dokumalarynyň keselleriniň häzirki zaman anyklaýyş, öňüni alyş we bejeriş usullary; agyz boşlugynyň nemli bardasynyň we parodontyň dömme çiş we dömme çiş bolmadyk patologiýasy; diş-äň anomaliýalarynyň anyklanyş usullary; endokrin keselleri bolan näsaglarda ortopediki kömegiň aýratynlyklary; dowamly odontogen ojaklaryny anyklamagyň, öňüni almagyň we bejermegiň häzirki zaman usullary.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan okuw kitaplary çap edildi: “Terapewtik stomatologiýa”, “Parodont keselleri”, “Stomatologiýa”; esasy okuw dersleri boýunça okuw-usuly gollanmalary we görkezme esbaplary taýýarlandy.


Stomatologiýa boýunça  diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynda näsaglary her gün kabul etmek işleri we giňden ýaýran stomatologik keselleri bolan dişleriň kariýesini we onuň gaýra üzülmelerini, diş-äň ulgamynyň patologiýalarynyň dürli görnüşlerini, periodontyň we parodontyň, şeýle hem agzyň, diliň we dodaklaryň nemli bardasynyň kesellerini anyklamakda, bejermekde we öňüni almakda tejribe toplaýan  uniwersitetiň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmanlaryna usuly maslahatlary bermek işleri gurnalan.




    

      


















Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar