Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy






Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Sona Babaýewa

tel: (+99312) 36-26-52  e-mail: tdlutm@online.tm


Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, Fizologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahasy, 2-nji gat.





      1995-nji ýylda Lukmanlary kämilleşdiriş fakultetiniň binýadynda maşgala lukmançylygy boýunça iç keselleri we çaga keselleri kafedralary döredildi, 2000-nji ýylda bu iki kafedranyň birikdirilmeginiň esasynda maşgala lukmançylygy kafedrasy döredildi. 


Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Saglyk öýleri we Saglyk merkezleri, uniwersitetiň klinikalary kafedranyň kliniki binýatlary bolup durýar.    

       

Maşgala lukmançylygynyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylmagy bilen kafedra ilkinji günlerden başlap, Moskwanyň I.M.Seçenow adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň, Konnektikut we Demirgazyk Dakota (ABŞ) uniwersitetleriniň maşgala lukmançylygy kafedralary bilen hyzmatdaşlyk edip, maşgala lukmanlaryny taýýarlamakda halkara tejribäni düýpli öwrenmäge girişdi. Kafedranyň işgärleri saglygy goraýyş pudagynyň hünärmenlerini taýýarlamakda öwrenmek we tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurt lukmançylyk uniwersitetlerinde iş saparlary bilen bolup, öz hünärini yzygiderli kämilleşdirýärler. Şeýle saparlar 2013-nji ýylda Estoniýanyň Tartu uniwersitetinde, 2019-njy ýylda Latwiýanyň Stradynýa adyndaky Riga lukmançylyk uniwersitetinde bolup geçdi.

      

Kafedranyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary1-nji ýyl talyplaryny “Sagdyn maşgala” dersi boýunça okatmak; lukmançylyk ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaş lukmanlary ”masgala lukmançylygy” hünäri boýunça   kliniki ordinaturada 2 ýyllyk  hünär bilim beriş maksatnamasy boýunça taýýarlamak; maşgala lukmanlarynyň 1 ýyllyk internaturada diplomdan soňky taýýarlygy; maşgala lukmançylygynyň esaslary boýunça ilkinji gaýtadan taýyarlaýyş okuw tapgyry; “maşgala lukmançylygy” hünari boýunça lukmanlaryň sertifikasiýasy.

      

Kafedrada modul tehnologiýalarynyň esasynda diplomdan soňky bilimiň integrirlenen maksatnamalary ornaşdyrylýar,  distansion okuwy işjeň ulanylýar.

     

Kafedranyň assistentleri tarapyndan “Maşgala lukmançylygy boýunça beýanlaryň ýygyndysy’’atly elektron görnüş, “Maşgala lukmanyň ýan kitaby”,  “Maşgala lukmanyň iş amalynda çaga keselleri’’, “Maşgala lukmanyň iş amalynda iç keselleri’’ atly okuw kitaplary; “Maşgala lukmanyň iş amalynda gaýragoýulmasyz kömek”, “Dürli ýaş tapgyrlarda rejeli iýmitlenmegiň aýratynlyklary” atly gözükdirijiler çap edildi.  

     

Kafedranyň işgärleri maşgala lukmançylygy boýunça usuly geňeşleriň we diplomdan soňky taýýarlyk okuwyň, uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň we beýl. agzalary bolup durýarlar.

     

Kafedrada “ Maşgala lukmanlarynyň iş amalynda antigipertenziw dermanlary” atly ylmy iş alnyp barylýar, kafedra mundan başga-da  kafedralaryň arasyndaky ylmy taslamalara gatnaşýar, ylmy we dissertasiýa işlerine, ylmy işleriň we tezisleriň ýygyndylaryna, okuw gollanmalaryna, keseliň taryhyna we ambulator kartalaryna syn berýärler.

   

Işgärler kazyýet lukmançylyk ekspertizasyna gatnaşýarlar, kafedralar we welaýat hassahanalary bilen bilelikde teleköprüleri gurnaýarlar; maşgala lukmançylygynyň esasy ugurlary boýunça maşgala lukmanynyň işinde peýdalanmaklygy üçin namalaýyn-hukuk  resminamalaryny,  kliniki görkezmeleri we protokollary işläp düzýärler we ornaşdyrýarlar.

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar