keselleri boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Maral Rejepowna Täçmyradowa

tel: +993 65 69-53-25  e-mail: tdlutm@online.tm


Salgysy:  Aşgabat ş., Oguz han köçe, S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkezi, Nefrologiýa bölümi, 1-nji gat, 11-nji otag.





Iç keselleri boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi, onuň düzüminde kardiologiýa, funksional anyklaýyş we terapiýa (iç keselleri), nefrologiýa, pulmonologiýa we endokrinologiýa ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenler işleýärler. Kafedranyň kliniki binýady S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň nefrologiýa bölümi bolup durýar. Lukmanlaryň kämilleşdiriş okuwy 4 ugurdan amala aşyrylýar: iç keselleri, endokrinologiýa, funksional anyklaýyş we barlaghana işi.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan “Мaşgala lukmançylygynda iç keselleri,” “Iç keselleri”, “Iç keselleriniň esaslary”, “Funksional anyklaýyş”, “Barlaghana anyklaýşy” atly okuw kitaplary taýýarlandy.


Lukmanlaryň biliminiň kämilleşdirilmegi halkara ülňülerine laýyk gelýän subut edilen lukmançylyk ýörelgelerine esaslanýan täze maksatnamalary döretmek arkaly amala aşyrylýar. Kafedranyň işgärleri tarapyndan 2 hepdeden 3 aýa çenli dowam edýän iç keselleri ugrundan (terapewt lukmanlar, kardiologlar, rewmatologlar, nefrologlar, endokrinologlar, tiz kömek lukmanlary, funksional anyklaýyş lukmanlary üçin) hünärmenleriň soňraky sertifikatlaşdyrylmasy bilelikde 31 sany tematiki kämilleşdiriş tapgyrlarynyň maksatnamalary işlenip düzüldi; bir ýyllyk internatura boýunça 11 maksatnama we iki ýyllyk kliniki ordinatura üçin 2 maksatnama hem düzülip taýýarlandy.


Kafedranyň mugallymlary okatmagyň içki we daşky auditor görnüşlerini ulanýarlar, şol sanda: referatlary we nutuklary taýýarlamak; goşmaça edebiýatlar bilen tanyşmak; atlaslar bilen işlemek; analizleriň blanklaryny doldurmak; görkezme esbaplary taýýarlamak; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gözükdiriji-kadalaşdyryjy resminamalaryny öwrenmek; döwürleýin neşirleriň maglumatlaryny saýlap almak; kompýuter öwrediji programmalar, rentgen suratlar, USB, spirografiýa we EKG maglumatlary bilen işlemek.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan içki synalaryň patologiýasynyň dürli bölümleri boýunça 30 okuw-usuly görkezmeler taýýarlandy. Kämilleşdirişe gelýän lukmanlar kafedrada we lukmançylyk uniwersitetiniň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen kitaphanasynda edebiýat çeşmelerini işjeň ulanýarlar. Kafedrada pursatlaýyn meseleleriň ýygyndysy (her hünär boýunça 50-den köp), her hünär boýunça düzülen test programmalar bar, kämilleşdirişe gelýän lukmanlaryň test soraglaryň üsti bilen bilim derejesi kesgitlenýär. Hünär jemleýji synagy 3 tapgyrda geçirilýär we olar test barlagyndan, amaly endikleriň bahalandyrylmasyndan we söhbetdeşlikden durýar.


Mugallymlar tarapyndan bejeriş we pedagogik prosesi üçin ugurdaş, has derwaýys hünäri ele almagyň özi diňleýjileriň taýýarlygynyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrdy. “Tegelek stol” görnüşindäki kliniki konferensiýalaryň we seminarlaryň geçirilmegi, tejribe alyşmaklyk, diňleýjileriň içki lukmançylygyň has wajyp soraglary boýunça taýýarlan referatlaryny, anyklaýyş algoritmlerini we bejeriş protokollaryny diňlemek we ara alyp maslahatlaşmaklyk, keselleriň öňüni almaklyk olaryň hünär taýdan kämilleşmegine we uly netijeleri gazanmaklyga ýardam berýär. Kafedrada integrasion okuwlar ornaşdyryldy: ”Süýjüli diabetde ýürek-damar keselleriniň geçiş aýratynlyklary” we ”Gastroenterologiýada ultrases anyklanyşyň esaslary”.


Kafedranyň ylmy-barlag işleriniň esasy ugurlary: galkan şekilli mäziň dürli bozulmalarynda ýürek gan-damar ulgamynyň kliniki-funksional üýtgemelerini öwrenmek; ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olary irki döwürde anyklamak; ýaş we orta ýaşdaky adamlarda miokardyň infarktynyň geçiş aýratynlyklary. Kafedra döredilenden bäri 28 sany ylmy iş taýýarlanyp çap edildi.


Kafedranyň işgärleri ylmy-amaly maslahatlara we seminarlara gatnaşyp, amaly saglygy goraýşa yzygiderli guramaçylyk-usuly, maslahat beriş we bejeriş kömegini bermek bilen, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşýarlar.

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar