Hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy







Hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gylyçdurdy Gurbanberdiýew

tel: +993 65 53-47-48  e-mail: tdlutm@online.tm


Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly köçe, Fizologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahasy, 2-nji gat.








        Kafedranyň bazasy Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy we S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezinde ýerleşýär.

        

Kafedrada lukmanlar iki ders boýunça diplomdan soňky taýýarlyk okuwyny geçýärler:   hirurgiýa; anesteziologiýa we reanimatologiýa.


Kafedrada hirurgiýa dersi boýunça diplomdan soňky taýýarlyk okuwy aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär: hirurgiýa dersi boýunça intern-lukmanlar üçin ilkinji hünär kämilleşdiriliş okuwy; lukmanlar üçin tematiki hünär taýýarlyk okuwy: hassahanada işleýän hirurglar;  Saglyk öýlerinde işleýän hirurglar; maşgala terapewt lukmanlary; Tiz kömek gullugynyň lukmanlary; endokrinolog - lukmanlary.             


Kafedranyň  işgärleri tarapyndan  okuw maksatnamalary,  beýanlaryň we amaly sapaklaryň ýazgylary we olaryň elektron görnüşleri taýýarlanan, wideo- we audio ýazgylar, okuw modullary, prezentasiýalar , soragnamalar,  ähli  tapgyrlar boýunça  test-soraglary düzülen.  Kafedra tarapyndan iki okuw kitaby: “Umumy  hirurgiýa”, “Hirurgik keseller” we “Holesistit” atly okuw gollanmasy çap edilen, olarda anyklaýşyň  häzirki zaman innowasion usullary we hirurgik näsaglaryň operatiw bejergisinde dürli usullary beýan edilen.


Kafedranyň ylmy işleri  üç ugur boýunça  alnyp barylýar: “Bagryň we öt ýollarynyň keselleriniň hirurgik bejerilişi”, “Bagyr ehinokokkozy“ we “Galkan şekilli mäziň  keselleriniň hirurgik bejergisi“. Olaryň netijeleri boýunça “Öt daş keselleriniň anyklaýşy we hirurgik bejerilişi”, “Bagyr ehinokokkozy“ atly monografiýalar çap edildi. Ylmy-barlag  işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda  çykyş  edilýär, ylmy žurnallarda we ylmy nutuklaryň ýygyndylarynda çap edilýär.


Kafedranyň işgärleri  hassahananyň hirurgiýa bölümlerinde lukmanlaryň irdenki lukmançylyk maslahatlaryna, lukmanlaryň kliniki aýlanmalaryna gatnaşýarlar, näsaglary alyp barýarlar,  çylşyrymly hirurgik kliniki meseleleri çözmeklige gatnaşýarlar, keseliň taryhyna  syn berýärler, ylmy-amaly maslahatlary geçirýärler. 

         

Näsaglaryň kesellerini anyklamakda häzirki zaman innowasion  barlag usullary ulanylýar (ultrases, reňkli dopplerografiýa, endoskopiýa, KT, ÝaMRKT, 3D KT, sitologiýa, gormonodiagnostika). Hirurgik näsaglaryň operatiw  bejerilişinde   az inwaziw usullar giňden ulanylýar. Kafedranyň kliniki işine galkan şekilli mäziň ultrases guralynyň gözegçiliginde aspirasion biopsiýa usuly; minilaparotomik we minitorakotomik operasiýalar; sistobiliar swişiň içki deşiginiň hromatik usulda ekspres-anyklanyşy ornaşdyryldy. Bagryň ehinokok kistasynyň töweregindäki dokumada (perikist dokumada) reňkli dopplerografiýanyň kömegi bilen gan damarlarynyň topografiýasynyň takyklanmasy fibroz boşluk tikilýän wagty ýatrogen ganakmanyň öňüni almaga ýardam berýär. Mundan başga-da, kafedranyň işgärleri tarapyndan ultrases guralynyň gözegçiliginde bagryň iriňli boşlugynyň punksiýa usulda bejergisi ornaşdyryldy; aortanyň abdominal böleginiň anewrizmasynyň reňkli dopplerografiýa barlagynda  differensial anyklanyşy takyklanyldy; gysylan ingileriň içindäki dokumalaryň (uly içýag bölegi, içege kültemi) differensial anyklanyşy ultrases we reňkli dopplerogramma barlaglarynda takyklanyldy.

     

Kafedranyň  işgärleriniň terbiýeçilik işleri   uniwersitetiň we döwlet derejesinde geçirilýän jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşygyndan durýar.

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar