Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ş.H.Berdiýewa


Salgysy:  Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, Fizologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy, göwrelileriň patologiýasy bölümi, 1-nji gat

Tel: (+99312) 38-40-53  

E-mail: shekerberdiyyewa@gmail.com




Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy 1963-nji ýylda döredildi we onuň baý taryhy we däpleri bar. Kafedranyň kliniki binýatlary – Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi.

 

Ähli fakultetleriň 5-6-njy ýyllarynyň talyplary akuşerçilik we ginekologiýany, çaga we sport ginekologiýasyny öwrenýärler.


Lukmanlaryň diplomdan soňky taýýarlyk we kämilleşdiriş fakultetiniň akuşer- ginekologlarynyň okuwy üç esasy ugur boýunça geçirilýär: attestasion sikller, ilkinji hünär taýýarlygy we ugurlaýyn kämilleşdiriş. Tematik sikller üçin aşakda görkezilen okuw maksatnamalary işlenip düzüldi: anyklaýşyň we bejerişiň endoskopiki usullary, ekstrakorporal tohumlandyrma meseleleri bilelikdäki ginekologik we akuşerçilik endokrinologiýanyň esaslary, gaýragoýulmasyz akuşerçilik kömegi, akuşerçilikde ultrases anyklanyşyň ähmiýeti. „Akuşerçilik we ginekologiýa” dersi boýunça maşgala intern-lukmanlary bilen amaly sapaklar geçirilýär.


Kafedranyň mugallymlary tarapyndan „Akuşerçilik“, „Ginekologiýa“, „Çagalar we ýetginjekler ginekologiýasy“ atly okuw kitaplary çap edildi; „Tapgyrlaýyn perinatal kömeginiň esaslary“ atly okuw gollanmasy neşire taýýarlandy. Mundan başga-da, soňky ýyllarda akuşerçiligiň we ginekologiýanyň wajyp meseleleri boýunça 90-dan gowrak okuw-usuly gollanmalar taýýarlandy.  Kafedrada geçirilýän dersler boýunça ähli fakultetleriň we ýyllaryň talyplary, diplomdan soňky taýýarlygyň lukman – diňleýjileri, akuşer-ginekolog intern-lukmanlary, maşgala intern-lukmanlary, çaga ginekolog intern-lukmanlary üçin okuw maksatnamalary we iş meýilnamalary işlenip düzüldi.


Kafedranyň esasy ylmy ugurlary: “Gipertenziw bozulmalary bolan zenanlarda göwreliligiň we dogrumyň alnyp barlyşynyň aýratynlyklary”, “Fetoplasentar ýetmezçilik we onuň gestasion diabetli zenanlardaky aýratynlyklary”, “Akuşerçilik ganakmalaryň öňüniň alnyşy”, “Göwrelileriň gipertenziw bozulmalarynyň bejergisinde kükürtturşy magniniň ähmiýeti”, “Howpsuz enelik” milli maksatnamasy boýunça düwünçegiň çanaklygyň öňde gelmeginde göwreliligiň we dogrumy alyp barmagyň aýratynlyklary”, “Piýelonefritli we kliniki alamatsyz bakteriuriýaly göwreli zenanlarda göwreliligiň we dogrumyň geçiş aýratynlyklary” we başgalar.

   

Kafedrada talyplaryň ylmy gurnagy hereket edýär. Işjeň talyplar aşakda görkezilen temalar boýunça ylmy işleri ýerine ýetirýärler: “Göwredäki çaganyň çanaklyk bilen gelmegi”, “Howpsuz enelik” milli maksatnamasynyň esasy ýörelgeleri“, “Göwrelileriň gipertenziw bozulmalarynyň bejeriş usullarynyň kämilleşdirilmesi”, “Konserwatiw miomektomiýa degişli görkezmeler”, “Perinatal ýokançlar”, “Häzirki zaman akuşerçilikde kesar kesimi”, „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň akuşerçilikde we ginekologiýada ähmiýeti”, “Ginekologiýada laparoskopiki operasiýalar” we başg. Ylmy-barlag işleriniň netijeleri ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda çap edilýär, bäsleşiklerde gatnaşmaklyk üçin hödürlenýär. 


Kafedranyň işgärleri günde geçirilýän irdenki  lukmanlaryň maslahatlaryna gatnaşýarlar,  näsaglara aýlanyp, ýüze çykýan çylşyrymly kliniki ýagdaýlaryň  çözlüşine seljerme berýärler, keselleriň taryhlaryny seljerip, syn berýärler, sanitar awiasiýa ugry boýunça nobatçylykda durýarlar, şeýle hem ylmy-amaly maslahatlara gatnaşýarlar.

     

         

Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar