DALAŞGÄR-2021

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär


I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa).

2. Harby lukmançylyk (hünärler :bejeriş-öňüni alyş işi; arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi).


II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa; stomatologiýa).

2. Saglyk baradaky ylymlar we öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; lukmançylyk-durmuş goragy işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).

3. Farmasiýa (hünär: farmasiýa).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda  bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary, harby lukmançylyk ugruna– çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:

—ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny;

— Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Habar beriş merkezinden berlen güwänamany;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri; 

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri; 

Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri; 

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 20-21-i we 22-si we 23-igünleri.

Giriş synaglaryähli hünärler boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalary) (100 m, 3 km ylgamak; göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler.

Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— lukmançylyk mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

—“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58; tel.: 92-71-09.




Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti boýunça okuwa girmekçi bolýan ýaşlardan resmi iş kagyzlary kabul etmekligiň netijeleri barada maglumat


19-23.07.2021ý. ýagdaýynda

t/b

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugry we hünärleri

2021-nji ýyl üçin

meýilnama

şol sanda:

Ahal 

Balkan 

Daşoguz 

Lebap 

Mary 

Aşgabat 



 H e m m e s i:

1000

168

125

154

166

167

220

tabşyrany

3013 521 259 624 520 615 474
  • I. Türkmenistanyň Döwlet býutjetiniň serişdeleriniň hasabyna HÜNÄRMEN taýýarlamak:

 

Hemmesi:

500

85

58

80

84

84

109

tabşyrany

1086 252 127 284 223 270 230

1.

Kliniki lukmançylyk

460

77

54

72

76

76

105

tabşyrany

1300 238 117 263 206 253 223

1.Bejeriş işi

330

55

40

52

54

54

75

tabşyrany

922 143 92 187 144 170 186

 

2.Pediatriýa

130

22

14

20

22

22

30

tabşyrany

378 95 25 76 62 83 37

2.

Harby lukmançylyk

40

8

4

8

8

8

4

tabşyrany

86 14 10 21 17 17 7


Bejeriş-öňüni alyş işi

34

7

3

7

7

7

3

tabşyrany

68 12 9 17 14 10 6


Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi

6

1

1

1

1

1

1

tabşyrany

18 2 1 4 3 7 1

II. Tölegli esasynda HÜNÄRMEN taýýarlamak:

 

Hemmesi:

500

83

67

74

82

83

111

 

tabşyrany

1627 269 132 340 297 345 244

1.

Kliniki lukmançylygy

338

56

45

51

56

56

74

 

tabşyrany

1183 174 98 257 212 252 19

 

1.Bejeriş işi

182

30

25

27

30

30

40

 

tabşyrany

689 104 52 161 114 137 121

 

2.Pediatriýa

126

26

17

19

21

21

27

 

tabşyrany

423 61 41 79 81 102 59

 

3.Stomatologiýa

30

5

3

5

5

5

7

 

tabşyrany

71 9 5 17 17 13 10

2.

Saglyk baradaky ylymlar we öňüni alyş lukmançylygy

116

20

16

17

19

20

24

 

tabşyrany

327 72 20 61 63 75 36

 

1.Saglygy goraýyş-öňüni alyş işi

66

12

9

10

11

11

13

 

tabşyrany

195 45 9 41 36 47 17

 

2.Lukmançylyk-durmuş goragy işi

10 1 1 1 2 2 3

 

tabşyrany

50 9 3 10 11 8 9

 

3.Dikeldiş we sport lukmançylygy

40 7 6 6 6 7 8

 

tabşyrany

82 18 8 10 16 20 10

3.

Farmasiýa

46

7

6

6

7

7

13

 

tabşyrany

117 23 14 22 22 18 18

 

1. Farmasiýa

46

7

6

6

7

7

13

 

tabşyrany

117 23 14 22 22 18 18




Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar