Stomatologiýa fakulteti






Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa fakultetiniň dekany Jumadurdy Nurýagdyýewiç Garlyýew 

tel: (+99312) 48-99-31  e-mail: tdlutm@online.tm


Salgysy: Тürkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly 18, Baş binasy otag 1107




Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 1964-nji ýylda stomatologiýa fakulteti açyldy. Häzirki wagt fakultete Çaga stomatologiýasy kafedrasynyň assistenti Jumadurdy Garlyýew ýolbaşçylyk edýär.


Stomatologiýa fakultetine dört sany kafedralar degişli:

 

 

- Terapewtik stomatologiýa kafedrasy. 

- Ortopedik we hirurgiki stomatologiýa kafedrasy;

- Çaga stomatologiýa kafedrasy;

- Medisina we biologik fizika kafedrasy;

Okuw möhleti – 5 ýyl. Okuwyň görnüşi gündizki (tölegli we býudžet).


1977-nji ýylda  stomatologiýa fakultetine degişli terapewtik stomatologiýasy, ortopedik we hirurgiki stomatologiýasy kafedralary aýratynlykda döredildi.

Hormatly  Prezidentimiz  Gurbanguly  Berdimahamedow  2013-nji ýylyň 11-nji iýulynda gol çeken kararyna laýyklykda Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň düzüminde Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi döredildi we munuň netijesinde lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň kliniki düzümi has-da giňedi. Şu günki günde stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi döwrebap derejede abatlanylyp dünýä ülňelerine gabat gelýän öňdebaryjy innowasion anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş enjamlaryny ornaşdyrmaklyk işleri alnyp barylýar.
















     

Kafedranyň işgärleri tarapyndan 400-den gowrak ylmy işler 6 sany monografiýa we amaly hekimler üçin 20 sany usuly gollanmalar neşir edildi.


Ortopedik we hirurgiki stomatologiýa kafedrasynyň işgärleri tarapyndan 300-den gowrak ylmy iş taýýarlanylyp konferensiýalarda we gurultaýlarda çykyşlar edildi.

 






















Kafedranyň çäklerinde talyplaryň ylmy- gözleg işleri ýokary derejede alnyp barylýar we olaryň ylmy işleri uniwersitetimiziň ylmy konferensiýalarynda we beýleki ýokary jaýlarynyň arasynda geçirilýän konferensiýalarda nutuklar bilen çykyş edip hormatly orunlara eýe bolýarlar. S.A.Nyýazow adyndaky BMBM-niň stomatologiýa bölüminde Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ortopedik we Hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň hirurgik stomatologiýa bölümi ýerleşip, onda halypa mugallymlar zähmet çekýär. Bu ýerde stomatologiýa bejeriş, pediatriýa we keselleriň öňüni alyş fakultetleriniň talyplaryna bilim berilýär, şeýle-hem intern-maşgala lukmanlaryna we stomatolog – lukmanlaryna stomatologiýanyň we hirurgik stomatologiýanyň wajyp meseleleri boýunça bilim berilýär.



Esasy görkezijiler
3799
Talyplar
53
Ugurlar
382
Mugallymlar