Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde iň ýokary tehniki we hünär derejesinde ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen.


Bu ýerde stomatologiýa fakultetiniň talyplary üçin ýörite interaktiw multimediýa tagtalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany beýan zallary, Ortopediýa we hirurgiýa stomatologiýasy kafedrasynyň, Terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň, Çaga stomatologiýasy we Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedralarynyň okuw we bejeriş otaglary, innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany fantom otaglary göz öňünde tutulan.



Merkeziň düzümine bäş bölüm, ýagny çagalar, terapewtik, hirurgik, ortopedik stomatologiýa we funksional anyklaýyş bölümleri girýär. Merkeze näsaglaryň ilkinji ýüz tutmagy gigiýeniki otagdan başlanýar. Bu ýerde çagalara agyz boşlugynyň gigiýenasy üçin serişdeleri saýlap almagy we olardan dogry peýdalanmagy öwredilýar. 


Merkezde fitobejergi otagy bolup, bu ýerde dermanlyk ösümliklerini ulanmak bilen “Irrigator” enjamyndan giňden peýdalanylýar. Rentgenologik otagda ýokary hilli rentgen suratlary almak üçin äň-ýüz töwereginiň üç ölçegli rentgen suratyny alýan enjamlaryň birnäçe görnüşleri bolup, olar ýokarky we aşaky äňleriň anyklaýyş suratyny almaga mümkinçilik berýärler.


Ortopedik stomatologiýa bölüminde CAD/CAM otagy ýerleşdirilen. CAD/CAM enjamynyň kömegi bilen keramiki, plastmas, metaldan aýrylmaýan gurnamalary taýýarlap bolýar. Bular koronkalar, dolduryjylar, winirler, hususy abatmentler, köpri görnüşli protezlerdir. Bu tehnologiýanyň ulanylyşynyň gerimi hemişe giňelýär. Operasion blokdan we hirurgik otagdan ybarat hirurgik stomatologiýa bölümi Germaniýanyň meşhur «SIRONA» kompaniýasynyň “Intego” stomatologik enjamy bilen enjamlaşdyrylan. Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi çaga, terapewtik, ortopedik we hirurgik stomatologiýa ugurlarynda stomatolog lukmanlary diplomdan öňki we diplomdan soňky taýýarlygy üçin okuw-bejeriş we ylmy işleri geçirmek boýunça binýat bolup hyzmat edýär. Merkeziň lukmanlary kafedranyň mugallymlary bilen birlikde mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň öňüni alyş barlaglaryny geçirmekde uly işler geçirýärler. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümlikleri ulanmak bilen dişleriň kariýesini anyklamak, onuň öňüni almak, parodont kesellerini bejermek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Merkezde şu günki gün lukmanlar öz näsaglaryna iň ýokary hünär we tehniki derejede ýöriteleşdirilen stomatologik hyzmatlaryň giň gerimini hödürläp bilýärler. Merkeziň işgärleri halkymyzyň saglygyny berkitmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.